WBC Joşuany çempionlyk söweşine dalaşgär görkezdi

  • 14.03.2024 15:41
  • 12k+

Boks boýunça has agyr agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony britaniýaly Entoni Joşuanyň Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuriniň arasyndaky söweşde ýeňijiniň garşydaşy bolmak ähtimallygy örän ýokary.

Ozal habar berlişi ýaly, Joşua geçen hepdäniň ahyrynda Saud Arabystanynda UFC garyşyk söweş sungatlary ligasynyň ozalky çempiony nigeriýaly Frensis Ngannuny iki raundda ýeňdi. Mundan soň, hünärmenler angliýalynyň dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda göreşmek baradaky talaplaryna ýokary baha berdiler.
Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) prezidenti Maurisio Suleýman hem hünärmenleriň pikirleri bilen ylalaşýar, ol Joşuanyň Usik bilen Fýuriniň arasyndaky tutluşygyň ýeňijisi bilen söweş üçin 1-nji dalaşgär boljakdygyny yglan etdi.
WBA, IBF, WBO we IBO titullaryna eýe bolan Usik hem-de WBC-niň çempiony Fýuri 18-nji maýda Saud Arabystanynda tutluşyk geçirerler. Şertnama laýyklykda, olar üçin rewanş mümkinçiligi hem dörediler. Emma şondan soň dünýäniň absolýut çempiony Joşua bilen duşuşmaly bolar.
Britaniýaly boksçy Usik bilen bolan söweşde çempionlyk guşaklaryny ýitirdi, soňra rewanş tutluşygynda hem utuldy. Şeýle-de bolsa, Suleýmanyň pikiriçe, Joşua çempionlyk üçin ýene bir mümkinçilige mynasyp. Ol soňky bir ýylda dört tutluşyk geçirip, hemmesini ýeňdi, şolaryň üçüsini wagtyndan öň tamamlady.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......