Çempionlar ligasy emeli aň ulgamyny girizýär

  • 14.03.2024 15:37
  • 9.4k+

Futbol boýunça Çempionlar ligasynyň bije çekişligi indiki 2024-2025-nji möwsümde doly kompýuterleşdiriler we guramaçylara kömek etmek üçin emeli aň ulanylar.

Meşhur Sky Sports neşiriniň çeşmesiniň habar bermegine görä, bu ilkinji nobatda, toparlaryň arasynda bije çekişlige täsir eder: birinji tapgyrda gibrid usulynda bije atylar: gatnaşmak üçin klublar el bilen saýlanýar, ýöne emeli aňyň kömegi bilen her topar üçin sekiz garşydaş saýlanar.
Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň täze ýaryş formatynyň girizilmegi bilen baglanyşykly bu usula ýüz tutmak kararyna gelendigi habar berildi: doly elde bije çekmek üçin 900-den gowrak top gerek bolar we bu iş üç-dört sagat dowam edip biler.
Ozal habar berlişi ýaly, 2024-2025-nji möwsümden başlap, Çempionlar ligasynda öňküsi ýaly 32 däl-de, 36 topar oýnar. Indi bu ýaryşda ähli klublar bir sanawda ýerleşip, garşydaşlary saýlamak üçin «şweýsar ulgamy» peýdalanylar.
Sanawyň başynda orun alan iň gowy sekiz klub pleý-off tapgyryna awtomatiki ýagdaýda çykar. 9-njydan 24-njä çenli ýerleri eýelän toparlar öz aralarynda iki oýun oýnarlar we 1/8 finala gatnaşjak ýene sekiz toparyň arasynda bolmak üçin bäsleşerler.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......