"Al-Hilýal" AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda "Al-Ittihady" utup, ýeňişli tapgyry boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 13.03.2024 12:33
  • 9.6k+

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynyň jogap oýnunda Er-Riýaddan "Al-Hilýal" futbol kluby Jiddadan "Al-Ittihady" (ikisi-de Saud Arabystany) 2:0 hasabynda utdy.

Ýeňiş "Al-Hilýala" yzygider 28-nji oýny utmak bilen, ýeňişli tapgyrynyň dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi.
Belläp geçsek, "Al-Ittihad" esasy ýyldyzlary bolan Karim Benzema bilen Ngolo Kante bolmazdan oýnady.
Ýeňijileriň düzüminde birinji goly 61-nji minutda Ýasser al-Şahrani girizdi. Gutarnykly hasaby oýnuň ikinji ýarymyna goşulan bäşinji minutda braziliýaly Malkom goýdy.
Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem "Al-Hilýalyň" peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanypdy.
Saud Arabystanyndan klub 2016/17 möwsüminde yzygider 27 resmi oýunda ýeňiş gazanan Uelsden "Nýu-Seýntsiň" rekordyny täzeledi.
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda "Al-Hilýal" BAE-den "Al-Aýn" topary bilen oýnar. Bu topar Kriştianu Ronalduly "Al-Nasr" saud klubundan üstün çykypdy.


düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....