ABŞ altynjy ýyl bäri nebiti gazyp almakda islendik ýurtdan öňde barýar

  • 13.03.2024 10:13
  • 7.7k+

ABŞ-da nebitiň gazylyp alnyşy yzygider altynjy ýyl taryhda beýleki islendik ýurduň önümçilik derejesinden ýokary boldy. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ABŞ-da nebitiň gazylyp alnyşy, kondensaty hem goşmak bilen, 2023-nji ýylda ortaça günde 12,9 mln barrel bolup, 2019-njy ýylda goýlan günde 12,3 mln barrel derejedäki öňki ABŞ we dünýä rekordyny täzeledi. Hususan-da, ABŞ-da nebitiň ortaça aýlyk gazylyp alnyşy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bir günde 13,3 mln barrelden gowrak rekord derejä ýetdi.
ABŞ-nyň nebit önümçiliginiň rekordyny ýakyn wagtda hiç kim täzelemese gerek, sebäbi beýleki ýurtlaryň hiç biri günde 13 mln barrel derejede önümçilik kuwwatyna ýetmedi diýip, EIA hasaplaýar.
2023-nji ýylda ABŞ, Russiýa we Saud Arabystany bilelikde global nebit önümçiliginiň 40%-ini (günde 32,8 mln barrel) emele getirdi. Bu üç ýurt 1971-nji ýyldan bäri beýleki islendik ýurtlardan has köp nebit öndürýär diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrligi belleýär. Deňeşdirmek üçin, indiki üç uly nebit öndürijisi – Kanada, Yrak we Hytaý bilelikde 2023-nji ýylda günde 13,1 mln barrel gazyp aldy. 


20.06.2026 11:54
4.6k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......