Ilkinji ABŞ – Merkezi Aziýa işewürlik dialogy Almatyda geçiriler

  • 12.03.2024 15:46
  • 14k+

13-nji martdan 15-nji mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ – Merkezi Aziýa (B5+1) görnüşinde ilkinji işewürlik dialogy geçiriler. Forum ykdysady ösüş we ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.

B5+1 forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmeginde Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Merkezi Aziýada işewürlik gurşawyny gowulandyrmak” (IBECA) maksatnamasynyň çäklerinde öňe sürüldi.
Foruma ABŞ-dan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hökümetleriň, biznesiň we halkara guramalarynyň esasy wekilleri gatnaşar. Forumyň birinji güni B5+1-iň maksatlaryna we garaşylýan netijelere, şeýle-de ykdysady integrasiýany we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň mümkinçiliklerine bagyşlanar. Ikinji gün Merkezi Aziýada söwda we maýa goýum akymlaryny ösdürmegiň halkara perspektiwasyny hödürlär. Amerikan kompaniýalary MA-nyň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýmak tejribeleri bilen paýlaşarlar, ýerli işewürlik assosiasiýalary bolsa ösüş we täze bazarlara çykmak üçin döwlet bilen hususy pudaklaryň arasyndaky dialog üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumy gün tertibiniň üstünde bilelikde işlemek üçin borçlary kesgitleýän bilelikdäki beýannama kabul ediler.
Ýörite işewürlik platformasyny döretmek baradaky ylalaşyk 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda “C5+1” görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň liderleriniň sammitinde gazanyldy. Platforma C5+1-iň üstüni ýetirmeli we MA bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli.


şu gün 18:04
1.4k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
548

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......