“Formula-1-iň” alty tekerli we dury panelli özboluşly bolidi satuwa çykaryldy

  • 12.03.2024 14:52
  • 6.1k+

11-nji maýda Monakoda geçiriljek RM Sotheby’s auksionynda “Formula-1-iň” taryhynda iň özboluşly bolidleriň biri – Tyrrell P34 satylar. Bu bolid 1979-njy ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynda gazanan ýeňşi bilen belli bolan Jodi Şektere degişlidir.

Tyrrell P34 1976-njy we 1977-nji ýyllaryň möwsümlerindäki ýaryşlara gatnaşdy. Onuň şeýle gysga taryhy bolidiň örän gowy ýagdaýdadygyny aňladýar. Awtomobil 3,0 litrlik V8 Ford-Cosworth DFV hereketlendirijisi bilen üpjün edildi.
P34-üň adaty bolmadyk alty tekerli dizaýny Tyrrell-iň tehniki müdiri Derek Gardneriň döredijilikli pikirlenmesiniň netijesi boldy. Gardner goşmaça iki tekeriň bolmagy has gowy tormoz bermäge getirer diýip pikir etdi. Ýöne hakykatda kynçylyklar ýüze çykdy. Şekteriň “Motor Sport” žurnalyna gürrüň bermegine görä, öwrüme gireniňde tekerler boş aýlanýardy. Bu dolandyryşda hem kynçylyklary döredýärdi.
Salonyň aýratynlygy kuzowa ýerleşdirilen dury paneller bolup, olar  sürüjä şinalary görüp, olaryň könelme derejesine baha bermäge mümkinçilik berýärdi.
Awtomobili 490 000 – 700 000 dollar aralygynda satmak meýilleşdirilýär.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....