BMG-niň Baş sekretary musulman halkyny Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady we ähli ýurtlary bu mukaddes aýda parahatçylyga we raýdaşlyga çagyrdy

  • 12.03.2024 09:26
  • 3.1k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýädäki ähli musulmanlary mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen gutlady. Guramanyň saýtynda ýerleşdirilen hatda ol Remezan aýynyň parahatçylyk, durnuklylyk we sahylyk gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini belledi. 

Bu pikirlenmegiň we dileg etmegiň wagty, bilelikde jemlenip, birek-biregi goldamagyň wagtydyr. Gynansak-da, köp musulmanlar Remezany dawa-jenjeller, mejbury göçmeler we gorky şertlerinde bellär diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi.

“Ilki bilen men Gazada bolup geçýän elhençlikden ejir çekýänleriň ählisine goldaw we raýdaşlyk bildirmek isleýärin. Bu kyn günlerde Remezanyň ruhy umyt şamçyragy we biziň adamdygymyzy ýatladyjydyr” diýip, Antoniu Guterriş aýtdy.

Ol adamlary agzalalygy ýeňip geçmäge, mätäçlere goldaw bermäge we “adamzat maşgalasynyň her bir agzasynyň” howpsuzlygyny berkitmegiň üstünde işlemäge çagyrdy. 
“Goý, bu Mukaddes aý parahatçylyk getirsin we bizi has adalatly hem rehimli dünýä ugrukdyrsyn” diýip, BMG-niň Baştutany sözüni jemledi.


20.02.2025 15:46
2.2k+

Raşid Meredow BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk 18-nji fewralda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň...

13.02.2025 15:34
2.7k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Hyratda UNFPA-nyň sebit edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11-nji fewralda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Batyr Ýolow BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Baýramgül Garabaýewa bilen duşuşdy. Bu barada...

08.02.2025 13:06
5.2k+

Ženewada parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlary maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Ženewa Parahatçylyk Platformasynyň (Geneva Peacebuilding Platform) ýolbaşçysy doktor Annissa...

31.01.2025 12:29
2.2k+

Ženewada ählumumy parahatçylygy berkitmekde Türkmenistanyň orny maslahatlaşyldy

28-nji ýanwarda BMG-niň Ženewadaky bölüminiň binasynda diplomatlaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Çäräde Türkmenistana BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili...