Şon O’Melli iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady

  • 10.03.2024 22:53
  • 14k+

Maýamide (Florida ştaty) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 299 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda amerikaly söweşiji Şon O’Melli ekwadorly Marlon Werany emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady.

29 ýaşly amerikaly urgy tehnikasynda öz başarjaňlygyny görkezip, tutuş söweşiň dowamynda öňdebaryjylygy saklady. Bu ýeňiş O’Melli üçin professional karýerasynda 18-nji boldy, onuň bir ýeňlişi bar. Şeýle-de, bu onuň birinji titul goragy boldy. Ol çempion guşagyny 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aljameýn Sterlingi tehniki nokaut bilen ýeňip gazandy.
31 ýaşly Wera karýerasynda dokuzynjy ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş we bir deňme-deňlik bar.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde ABŞ-dan Dastin Porýe (29-8) Fransiýadan Benua Sent-Denini (13-1) ikinji raundda nokauta gidirdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......