Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisinde göçme birža söwdasynyň netijeleri mälim edildi

  • 05.03.2024 23:30
  • 3.5k+

5-nji martda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy geçirildi.

Birža söwdalaryna Türkmenistanyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Wirgin adalarynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň işewürleri gatnaşdylar. Söwdalara gatnaşan wekiller özleriniň gyzyklanma bildiren dürli önümlerini satyn almak ýa-da satmak barada degişli söwda geleşiklerini baglaşdylar.
Göçme birža söwdalarynyň dowamynda jemi 70-den gowrak geleşikler baglaşyldy. Söwdalaryň netijeleri boýunça baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 107 milliondan gowrak dollaryna, milli pulda 33 million manatdan gowraga barabar boldy diýip, TDH habar berýär.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......