Honda wirtual hakykatda hereket etmek üçin Uni-One oturgyjyny görkezdi

  • 03.03.2024 21:36
  • 4.9k+

Ýapon awtoulag öndürijisi Honda ulanyja wirtual dünýälere fiziki taýdan aralaşmaga mümkinçilik berýän Honda Uni-One atly elektrik hereketlendirijili wirtual hakykat oturgyjyny hödürledi.

Oturgyç ulanyjynyň bedeniniň hereketine gözegçilik edýän we hereket ugruny kesgitleýän datçikler hem-de özbaşdak deňagramlygy saklamak tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, enjam oturgyjy 70 sm ýokary galdyrmak funksiýasyna eýedir.
Honda Uni-One ozal işlenip düzülen Honda Uni-Cub modeline esaslanýar. Onuň agramy 69 kg, ýük göterijiligi 109 kg çenli, iň ýokary tizligi sagatda 5,9 km we geçýän aralygy 8 km.
Şeýle enjam wirtual giňişlikde has peýdaly bolar, sebäbi oýunçy VR-da hereket edýärkä, hakyky durmuşda ol bir ýerde durýar. Honda Uni-One VR giňişliginde awtoulaglar ulanylanda ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýryp biler.
Honda Uni-One enjamynyň aýratynlyklary we bahasy barada anyk maglumatlar 8-16-njy mart aralygynda geçiriljek SXSW maslahatynda mälim ediler.


20.06.2025 19:07
4.2k+

Honda ilkinji gezek Falcon 9-a meňzeş köp gezeklik raketany synagdan geçirdi

Ýaponiýanyň Honda kompaniýasy köp gezeklik raketa göterijisiniň synagyny üstünlikli geçirdi. Synag uçuşy Hokkaýdo prefekturasyndaky Taýki aerokosmos gözlegleri merkeziniň çäginde boldy. Synag wagty raketa 271 metr beýiklige çykdy, soňra bellenilen nokatdan bary-ýogy 37 sm uzaklykda gondy...

düýn 16:08
2.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......