Islam Mahaçew şu ýyl azyndan iki söweş geçirer

  • 02.03.2024 14:09
  • 11k+

UFC-niň ýeňil agramda häzirki çempiony Islam Mahaçew şu ýylyň ahyryna çenli azyndan iki söweş geçirer. Bu barada The Schmo bilen söhbetdeşlikde söweşijiniň menejeri Ali Abdelaziz aýtdy diýip, fighttime.ru habar berýär.

“Bize UFC-de haýsy senäni belleseler hem, Islam şu ýyl, iň bolmanda, iki gezek söweşer. Azyndan” – diýip, Abdelaziz belledi.

Öň, russiýaly söweşiji we onuň tälimçisi tomusda Jastin Getjä garşy söweşmegi, soňra 13-nji aprelde Las-Wegasdaky UFC 300 ýaryşynda geçiriljek Çarlz Oliweýra bilen Arman Sarukýanyň arasyndaky dalaşgärlik söweşiniň ýeňijisi bilen duşuşmagy meýilleşdirýändiklerini aýdypdylar.
Ýöne ýarym ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Maks Holloweý ýubileý çäräniň çäklerinde Getjiden üstün çykan ýagdaýynda bu meýilnama goşulyp biler. Şeýle-de, liganyň russiýalynyň ýarym orta agramda UFC-niň häzirki çempiony Leon Edwards bilen söweşini gurnamagy-da mümkindir. Edwards bu söweşe eýýäm razylyk berdi.
Ýatlap geçsek, Islam Mahaçew oktýabr aýynda Aleksandr Wolkanowskini birinji raundda nokauta gidirip, ikinji titul goragyny geçirdi we ýyly P4P UFC reýtinginiň lideri hökmünde tamamlady.


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....