Google Pixel 8 we Pixel 8 Pro MWC 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” boldy

  • 01.03.2024 15:49
  • 3.7k+

Google Pixel 8 smartfonlary Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde “Iň gowy smartfon” baýragyny aldy. Pixel 8 we Pixel 8 Pro innowasion funksiýalaryň utgaşmasy, ýokary öndürijilik we stile laýyk dizaýny bilen tapawutlandy diýip, Gizmochina ýazýar.

Pixel 8 smartfony Pixel 7-niň dizaýnyny gaýtalaýar, ýöne has ykjam ölçege we Google Tensor G3 çibine eýedir. Ol 120 GS täzelenme ýygylygy bilen 6,17 dýuým OLED displeýi, 8 GB operatiw ýat, 50 MP esasy kamera we çalt zarýad beriş bilen 4485 mAs akkumulýator bilen üpjün edildi.
Pixel 8 Pro has döwrebap dizaýna we 6,7 dýuým ýokary durulykly LTPO OLED displeýine eýe boldy. Ol 12 GB operatiw ýady, 1 TB çenli içerki ýady (ABŞ üçin) we 5050 mAs akkumulýatory aldy. Ýöne batareýa Pixel 8-e garanyňda simli we simsiz zarýad beriş bilen has haýal zarýad alýar.    
Smartfonlaryň ikisi-de Tensor G3 çibi, maglumatlary goramak üçin iň täze SoC Titan M2 bilen üpjün edildi we programma üpjünçiliginiň ýediýyllyk täzelenmesini aldy.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
871

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...