ZTE emeli aň esasly üç ölçegli ekrany bolan nubia Pad 3D II planşetini görkezdi

  • 29.02.2024 18:40
  • 2.9k+

Barselonada geçirilýän «MWC 2024» sergisiniň dowamynda Hytaýyň «ZTE» kompaniýasy 3D äýnek ulanmazdan 3D şekilleri görkezip bilýän «nubia Pad 3D II» 3D planşetini tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar.

Adyndan görnüşi ýaly, «nubia Pad 3D II» planşeti, öňki 2023-nji ýylyň modeliniň kämilleşdirilen görnüşidir. Ýörite äýnek dakynmazdan, 3D kontenti görkezmek üçin planşet diňe bir 2D kontenti üç ölçegli görnüşe öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulanyjynyň göz hereketlerine baglylykda, 3D şekili seljermäge we sazlamaga mümkinçilik berýän emeli aň esasly «Neovision 3D Anytime» tehnologiýasyny ulanýar. Şeýle hem ornaşdyrylan kamerany ulanyp, emeli aň arkaly 3D suratlary we wideolary düşürmek mümkindir.
Planşetiň işleýşine geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi we 512 GB goşmaça ýat jogapkärdir. 2,5K durulygy bolan 12 dýuýmlyk ekran 144 Hz şekil täzeleniş tizligini goldaýar. 3D şekiliň görüş burçunyň 86 gradusdygy aýdylýar, bu bolsa dürli rakurslardan rahat görnüşi üpjün edýär.
«nubia Pad 3D II» planşetiniň akkumulýatorynyň sygymy 10000 mA/sagada deňdir we 66 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda «DTS:X Ultra» 3D effektleri goldaýan dört sany dinamigiň, daşky gohy basmak funksiýasy bolan iki mikrofonyň we 5G goldawynyň bardygy bellenilýär.
«nubia Pad 3D II» planşetiniň çykarylajak senesi we bahasy entek yglan edilmedi.

şu gün 14:30
1.9k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

şu gün 11:43
1.1k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

şu gün 06:43
4.1k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
1.1k+

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......