MWC 2024: Samsung kemerli Cling Band smartfon bileziginiň konseptini görkezdi

  • 29.02.2024 18:25
  • 6k+

Samsung Barselonadaky Mobile World Congress (MWC) 2024 sergisinde bilezik hökmünde goşaryňa dakyp boljak çeýe smartfonyň konseptini görkezdi. Inçe korpusly smartfon çeýe OLED ekrany we ortasyndan eplenme mehanizmi bilen enjamlaşdyryldy. Ony eliňe kemer-ýüpjagazyň kömegi bilen berkitmek bolýar diýip, habr.com belleýär.

Cling Band bilezik hökmünde dakylyp, adaty smartfon hökmünde ulanylyp bilner. Adaty görnüşinde gurluş inçe korpusly we çarçuwasyz displeýli beýleki islendik smartfon ýaly görünýär diýip, WCCTech belleýär. Ol yzky korpusda kamera, USB Type-C we dinamika bilen üpjün edilendir. Şeýle-de, smartfon ony fitnes-treker hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän ýürek ritminiň datçigine eýe boldy.
Çeýe smartfondan başga-da, Samsung birnäçe taslamany, şol sanda displeýiň syn ediş burçuny sazlamaga mümkinçilik berýän Flex Magic Pixel tehnologiýasyny hödürledi.
Şeýle-de, işläp düzüjiler topary kiçi OLED displeýlerini nauşnikler we awtoulag açarlary ýaly kiçi göwrümli gurluşlara oturtmak boýunça geçirilen tejribeleriň netijelerini görkezdiler. Nauşniklerdäki displeý zarýad derejesini we aýdymy diňlenilýän aýdymçyny, açarlardaky displeý bolsa awtoulagyň gulplydygyny ýa-da ýokdugyny görkezer.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...