Frensis Ngannu MMA gaýdyp gelýär

  • 24.02.2024 18:27
  • 15k+

Geçen ýyl PFL ligasy bilen şertnama baglaşan agyr agramda UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannu garyşyk başa-baş söweş sungatyna gaýdyp gelýär. Ol şu gün Raýan Beýder bilen Henan Ferreýranyň arasynda geçiriljek super söweşiň ýeňijisi bilen duşuşar.

Gurama tarapyndan ýaýradylan resmi metbugat relizinde bu barada onuň baş müdiri Piter Mýurreý habar berdi diýip, fighttime.ru belleýär.

“PFL ligasy Frensis Ngannunyň Bellator-yň çempiony Raýan Beýder bilen PFL-iň çempiony Henan Ferreýranyň arasyndaky agyr agramda geçiriljek super söweşiň ýeňijisine garşy MMA dolanyp gelýändigini habar bermäge şat” – diýip, PFL-iň ýolbaşçysy belledi.

Frensis Ngannu bu habary ESPN bilen söhbetdeşlikde tassyklady. Häzirlikçe onuň MMA düzgünleri boýunça haçan söweşjekdigi belli däl. Ol häzir 8-nji martda Er-Riýadda geçiriljek dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşua garşy boks söweşine taýýarlanmagy dowam edýär. Ngannu britaniýaly türgenden üstün çykan ýagdaýynda agyr agramda boks boýunça absolýut dünýä çempiony bilen söweşe esasy dalaşgär bolar. Bu çempion Taýson Fýuri bilen Aleksandr Usigiň arasyndaky söweşde kesgitlener.
Raýan Beýder bilen Henan Ferreýranyň arasyndaky söweş şu gün, 25-nji fewrala geçilýän gije (1:00, Aşg. wagty) Er-Riýadda geçiriljek PFL bilen Bellator-yň bilelikdäki ýaryşynyň esasy wakasy bolar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......