Samsung enjamlary sesi birbada birnäçe gulaklyklara we dinamiklere eşitdirip biler

  • 24.02.2024 17:04
  • 4.5k+

Samsung enjamlarynyň ses mümkinçiliklerini giňeltmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Kompaniýa köpsanly smartfonlara, planşetlere, telewizorlara we noutbuklara Auracast, 360 Audio we Auto Switch tehnologiýalaryny ornaşdyrýar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda yglan edildi.

Fewral aýynyň ahyryndan başlap Samsung Galaxy Buds 2, Buds FE we Buds 2 Pro gulaklyklary täzelenmeleri alar.
Bluetooth protokolyna esaslanýan Auracast tehnologiýasy bir enjamdan teoretiki taýdan çäklendirilmedik kabul edijilere - gulaklyklara we dinamiklere ses ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Samsung Auracast-a gabat gelýän enjamlaryň sanawyny giňeltdi. Indi One UI 6.-li we has ýokary (Galaxy S23, Z Fold 5, Z Flip 5, Tab S9) işleýän modeller sesi ýaýradyp biler we One UI 5.1.1-li işleýän enjamlar bolsa (şol sanda Galaxy Z Fold 4, Z Flip 4, A54 5G, M54 5G, Tab S9 FE, Tab Active 5 5G) sesi kabul eder.
Ilkinji gezek Galaxy S24 smartfonlarynda çykan AI-terjime aýratynlygy gulaklyklar üçin hem elýeterli bolar. Telefon arkaly terjime edilen ses gulaklyklarda eşidiler we söhbetdeş telefonyň dinamigi arkaly onuň terjimesini diňläp biler.
360 Audio giňişlige ses ýaýradyş tehnologiýasy Neo QLED we OLED telewizorlarynda elýeterli bolar. Owal diňe käbir Samsung smartfonlarynda we planşetlerinde işleýärdi.
Jaň gelende Galaxy Buds 2 Pro-nyň Bluetooth birikmesini planşetiňizden ýa-da telewizoryňyzdan awtomatiki usulda geçirýän Auto Switch aýratynlygy indi One UI 6.0-ly işleýän Galaxy Book noutbuklarynda elýeterli bolar.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...