“Mançester Ýunaýtediň” 1/4 bölegi resmi taýdan milliarder Jim Retkliffe degişli boldy

  • 22.02.2024 18:56
  • 10k+

INEOS kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy jenap Jim Retkliff Gleýzerler maşgalasyndan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň A we B klasynyň paýnamalarynyň 25%-ini satyn aldy. Bu barada klubuň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Milliarder klubuň egindeş eýesi bolmagyň uly hormatdygyny we uly jogapkärçilikdigini aýdyp, şertnamanyň ýapylmagyny MÝ-ni iňlis, Ýewropa we dünýä futbolynyň depesine gaýtaryp getirmek ýolunyň başlangyjy hökmünde belledi.
“Mançester Ýunaýtediň” egindeş eýesi Joel Gleýzer klubuň geljegi üçin Retkliff we onuň kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň saklanjakdygyny aýtdy.
Habarda Retkliffiň kluba 200 mln dollar maýa goýandygy görkezilýär. Ýene 100 mln dollary ol 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli maýa goýar. Şertnamanyň ahyrky bahasy aýdyňlaşdyrylmaýar. ESPN dekabrda şertnamanyň bahasynyň 1,25 mlrd funt sterling boljakdygyny habar beripdi.
Geçen ýyl “Mançester Ýunaýted” şertnamany yglan etmek bilen, Retkliffiň jogapkärçiliginiň erkekler we zenanlar futbolynyň hem akademiýalarynyň işiniň ähli ugurlaryny, şeýle-de Manchester United plc-iň geňeşinde we futbol klubunyň geňeşinde iki orny öz içine aljakdygyny habar berdi.
Retkliff INEOS himiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysydyr. Sunday Times Rich List-iň hasabyna görä, onuň baýlygy 29,6 mlrd funt sterlinge barabar we ol Beýik Britaniýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeleýär.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....