Angliýada futbol taryhynda iň çalt gol geçirildi – Ginnesiň kitaby hasaba almakdan ýüz öwürdi

  • 22.02.2024 18:36
  • 17k+

Angliýanyň “Kroýdon” futbol klubunyň oýunçysy Raýan Holl oýun başlanandan soň derrew meýdançanyň merkezinden gol bilen tapawutlandy. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Holla derwezä gol geçirmek üçin bary-ýogy 2,31 sekunt gerek boldy – bu futbol taryhynda iň çalt goldur. “Kroýdon” futbolçysynyň üstünligini hasaba aldyrmak üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy.
Ýöne Rekordlar kitabynyň wekilleri Raýan Hollyň rekordyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. Olar goluň ajaýyp bolandygyny, ýöne statistika bil baglap boljak professional futbolyň çäginden daşarda gazanylan üstünlikleri hasaba almaýandyklaryny bellediler.
1953-nji ýylda esaslandyrylan höwesjeňler kluby hasaplanýan “Kroýdon” Angliýanyň Birinji diwizionynyň Günorta okruglarynyň Gündogar ligasynda oýnaýar. 


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....