Samsung Galaxy Z Fold5-iň ekrany harby derejeli sertifikata mynasyp boldy

  • 22.02.2024 18:39
  • 7k+

«Samsung Galaxy Z Fold5» eplenýän smartfon «UL Solutions» instituty tarapyndan birnäçe agyr synagdan geçdi we «MIL-STD 810G» standarty boýunça harby derejeli sertifikata mynasyp boldy. Bu bolsa enjamyň dürli daşarky täsirlere, şol sanda titremä, çyglylyga, urga we temperaturanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk boýunça laboratoriýa synaglaryndan geçendigini subut edýär. Bu barada gazeta.ru Günorta Koreýanyň «The Elec» neşirine salgylanyp habar berýär.

Synaglaryň dowamynda smartfonyň 7 dýuýmlyk çeýe matrisasy -10 gradusda dört sagat doňansoňam ygtybarly işleýändigini görkezdi. Mundan başga-da, enjam yzly-yzyna üç gezek -32-den +63 gradusa çenli temperaturanyň üýtgemegine durnuklylygy boýunça synagdan üstünlikli geçdi.
Ekranyň elden gaçmaga durnuklylygy hem synag edildi. Şeýlelikde, enjam dürli ulanylyş ssenariýalarynda 1,22 metr beýiklikden gaçyrylyp, 26 synagdan geçirildi. «MIL-STD 810G» standarty boýunça goşmaça synaglar titremä, tozana, guma, çyglylyga, duz dumanyna we buz gatyşykly ýagşa çydamlylygy öz içine aldy.
Ähli synaglaryň netijesinde, ekrana ýokary ygtybarlylygyny we daşarky täsirlere durnuklylygyny tassyklaýan harby standartlara laýyklyk sertifikaty berildi.


06.02.2026 14:14
662

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

30.01.2026 10:35
1.9k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi...

28.01.2026 15:54
3k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi...

08.01.2026 21:29
2.4k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar...