Kosmos zibili bilen göreşmäge gönükdirilen ýapon hemrasy Ýeriň orbitasyna çykaryldy

  • 21.02.2024 06:25
  • 3.2k+

Kosmos enjamlarynyň döwük bölekleri we beýleki kosmos zibilleri barada maglumat ýygnamak üçin niýetlenen ýapon hemrasy orbita üstünlikli çykaryldy. Bu barada Astroscale Japan işläp düzüji kompaniýa salgylanyp, TASS habar berýär.

ADRAS-J enjamy Täze Zelandiýanyň Mahiýa ýarym adasynda ýerleşen Rocket Lab hususy kosmodromyndan uçuryldy. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly hereketlendirijiler bilen üpjün edildi, bu hem oňa kosmos giňişliginde hereket etmäge we zibillere hem döwük böleklere has golaý barmaga mümkinçilik berýär. Aýratynam, enjamyň kömegi bilen 2009-njy ýylda uçurylan H2A ýapon raketa göterijisiniň basgançagynyň böleklerini öwrenmek, olary surata düşürmek we Ýere maglumatlary ibermek meýilleşdirilýär.
Kompaniýa munuň kosmos zibiline howpsuz ýakynlaşmak boýunça dünýäde ilkinji missiýadygyny belleýär. Ol üstünlikli bolan ýagdaýynda kompaniýa Ýeriň orbitasynda zibilleri ýygnamak tehnologiýasyny ösdürmek we dürli ýurtlarda hökümetler hem täjirçilik kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....