Baltika deňziniň düýbünde 10 000 ýyllyk syrly daş diwar tapyldy

  • 20.02.2024 12:38
  • 21k+

Baltika deňziniň düýbünde, Meklenburg aýlagynda 10 000 ýyldan gowrak ýaşy bolan köne suwasty diwar tapyldy. Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edilen gözlegiň makalasynda munuň äpet aw desgasynyň bir bölegi bolmagy ahmal diýilýär.

Uzynlygy 971 metr bolan we 21 metr çuňlukda ýerleşýän bu diwar geologiki gözleg işleri geçirilýän wagtynda tötänleýin tapyldy. Ol umumy agramy 142 tonna bolan 300 sany uly harsaňa goldaw bolup hyzmat eden 1400 daşdan ybarat.
Desga Baltika deňzini öwrenmek boýunça Leýbnis institutynyň, Kil we Lýubek uniwersitetleriniň, şeýle hem Germaniýanyň aerokosmiki merkeziniň halkara alymlar topary tarapyndan öwrenildi.
Diwar awçy-ýygnaýjylar tarapyndan gurlan gadymy aw desgasynyň bir bölegi hasaplanýar. Warnemýunde ýerleşýän Leýbnisiň Baltika deňziniň gözleg institutynyň geofizigi Ýakob Gerseniň sözlerine görä, diwar sugunlaryň agyly hökmünde ulanylyp bilner.

"Belki, diwaryň aýagujunda ok-ýaýlar bilen ýaraglanan ilkidurmuş awçylaryna haýwanlary aňsatlyk bilen öldürmäge mümkinçilik berýän dar agyly bolandyr. Ýene bir çaklama, keýikler diwaryň etegi bilen köle tarap gidendirler. Sebäbi olaryň ýüzüşleri ylgaýyşlaryndan has haýal bolany üçin, suwda tutmak aňsat bolandyr"- diýip, Gersen aýdýar.

Ýabany haýwanlara agyl bolup hyzmat eden şuňa meňzeş desgalar - daş diwarlar öňler dünýäniň beýleki ýerlerinde, mysal üçin ABŞ-da, Kanadada, Iordaniýada, Saud Arabystanynda we Grenlandiýada hem tapyldy. Günortada şeýle ýeser usul  bilen jerenleri we antilopalary, demirgazykda bolsa sugunlary we bizonlary awlapdyrlar.
Baltika deňzinden tapylan diwar Ýewropada adamlar tarapyndan gurlan iň gadymy megagurluşlaryň biri bolup biler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....