Täze Samsung Galaxy A35 smartfony barada maglumatlar peýda boldy

  • 20.02.2024 08:30
  • 15k+

«Google Play Console» katalogynda heniz tanyşdyrylmadyk täze «Samsung Galaxy A35» smartfony barada maglumatlar peýda boldy. Onuň aýratynlyklarynyň beýany we suraty ozal paýlaşylan maglumatlary tassyklady diýip, «MySmartPrice» portaly habar berýär.

Şeýlelikde, «Samsung Galaxy A35» Full HD+ durulykly ekran, «Samsung Exynos 1380» prosessory we 8 GB operatiw ýat bilen üpjün ediler. Bellenilmegine görä, bu model 6 GB operatiw ýat bilen hem hödürlener. Mundan başga-da, enjam 25 Wt çalt zarýad beriji goldawy bilen 5000 mA/s sygymly akkumulýatora eýe bolar.
Şeýle hem smartfon 50 megapiksel durulykly esasy kamera hem-de 8 we 5 megapikselli iki modul bilen bilen üpjün edilýär. Selfi kamerasy 13 megapiksel durulykda bolar. Smartfonyň aýratynlyklarynyň biri hem orta arzanlykdaky enjamlar üçin adaty bolmadyk IP67 standartyna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan suwdan we tozandan goragyň bolmagydyr. Şol bir wagtyň özünde, «Galaxy A35» daşky görnüşi boýunça «Galaxy A55» we ownuk tapawutlary bolan «Galaxy S24» modellerine meňzeýär.
Enjamyň 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...