Google Android 15-i çykardy

  • 20.02.2024 08:25
  • 4.3k+

«Google» täze operasion ulgamynyň ilkinji synag nusgasy bolan «Android 15 Developer Preview 1-i» yglan etdi. Bu gurluş diňe işläp düzüjiler üçin niýetlenendir, ol durnuksyz bolup biler we işleýşinde kemçilikler bolup biler diýip, «Rozetked» portaly habar berýär.

«Android 15 Developer Preview 1» «Pixel 6» seriýaly we ondan ýokary smartfonlaryň eýeleri, şeýle hem «Android Studio» arkaly emulýasiýanyň çäklerinde elýeterlidir. Operasion ulgamynda şu wagta çenli ýüze çykarylan täzelikleriň arasynda çalt sazlamalar panelindäki ýagtylyk sazlananda taktiki seslenme bellenilip bilner, şeýle hem tekst ýazylanda titremäni öçürmäge mümkinçilik berýän «Klawiatura wibrasiýasy» mümkinçiligi, ýygy-ýygydan bildiriş iberýän ykjam goşundylarda olaryň sesini peseltmäge mümkinçilik berýän «Bildirişleriň sesini peseltmek» opsiýasy we beýlekiler bardyr.
Geljekde «Android 15-iň» synag nusgalarynda has täze aýratynlyklaryň peýda boljakdygy bellenilýär. Häzirki wagtda «Google» ýüze çykan säwlik sebäpli operasion ulgamynyň OTA şekillerini el bilen gurnamak mümkinçiligini wagtlaýynça togtatdy.
«Android 15-i» synagdan geçirmek prosesi üç basgançakdan ybarat bolup, hersi üçin iki sany reliz bar: fewral we mart aýlarynda «Developer Preview», aprel we maý aýlarynda «Beta», şeýle hem iýun we iýul aýlarynda «Platform Stability» nusgalary. «Android 15-iň» soňky we durnukly nusgasynyň 2024-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda ýa-da güýzüň başynda çykmagyna garaşylýar.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
871

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...