UFC 300 ýaryşynyň esasy söweşi resmi taýdan yglan edildi

  • 19.02.2024 23:13
  • 12k+

UFC titulynyň häzirki eýesi Aleks Pereýra bilen diwizionyň öňki çempiony Jamal Hilliň arasynda ýarym agyr agramda geçiriljek söweş 13-nji aprelde Las-Wegasdaky UFC 300 ýubileý ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Bu barada Anahaýmda geçirilen UFC 298 ýaryşyndan soň metbugat maslahatynda guramanyň başlygy Dana Uaýt habar berdi diýip, fighttime.ru belleýär.

32 ýaşly Jamal Hill geçen ýylyň başynda Glower Teýşeýruny emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňip, ýarym agyr agramda UFC-niň erkin çempion guşagyna eýe boldy, ýöne eýýäm iýul aýynda basketbol oýnap ýörkä ökje damaryny ýyrtyp, tituly boşatmaga mejbur boldy.
Aleks Pereýra geçen ýylyň aprel aýynda Israel Adesanýadan ikinji raundda nokaut arkaly ýeňlip, orta agramda UFC-niň çempion guşagyny ýitirdi. Şondan soň 36 ýaşly braziliýaly söweşiji ýarym agyr agram derejesine çykyp, dalaşgärlik söweşinde Ýan Blahowiçi ýeňdi. Noýabr aýynda Irži Prohazkany ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, erkin titula eýe boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......