Mercedes we McLaren «Formula-1» üçin täze ýaryş ulaglaryny tanyşdyrdylar

  • 16.02.2024 14:16
  • 5.6k+

«Formula-1» awtoulag ýaryşy boýunça dünýä çempionatynda täze täze ýaryş ulaglarynyň tanyşdyrylyşy tamamlanýar. «Mercedes» we «McLaren» toparlary hem 2024-nji möwsüm üçin niýetlenen ýaryş ulaglaryny tanyşdyrdylar.

Şeýlelikde, täze möwsümiň çempionatyna gatnaşjak on toparyň dokuzy täze ýaryş ulaglaryny, olaryň reňklerini we daşky keşplerini görkezdiler. Diňe «Red Bull» toparynyň gezegi galdy, ol täze ulagyny 17-nji fewralda tanyşdyrar.
Germaniýanyň «Mercedes» topary täze ýaryş ulagyny tanyşdyrdy. Täze awtoulag W15 indeksini aldy. Hünärmenleriň reňkde we görnüşde düýpgöter üýtgeşiklik görmändigini bellemek gerek: geçen ýyl nemes topary daşky görnüşi üçin däl-de, dürli ownuk kemçilikleri ýok etmek üçin köp güýç sarp etdi, şonuň üçin Hemilton we onuň egindeşi Jorj Rassel ähli maksatlaryny amala aşyryp bilmediler.
Beýik Britaniýanyň «McLaren» topary hem 2024-nji möwsüminiň ulagyny tanyşdyrdy. «MCL38» ulagy öňküsi bilen deňeşdirilende, hasam garamtyl boldy. Topar 2022-nji ýylda häzirki zaman dizaýnyna geçiş döwründe gaty gowy görünen, ýöne 2023-nji ýylda özüne çekmedik gök reňkden ýüz öwürdi. «McLaren» ulagynyň esasy täzeligi «gizlinlik tertibi» boldy, ýöne ol diňe ýaryşyň daşarky tarapy bilen gyzyklanýanlary özüne çekýär.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......