«Samsung» üç ýerden eplenýän smartfon hödürlär

  • 16.02.2024 12:15
  • 10k+

«Samsung» kompaniýasy eplenýän smartfonyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru «TechRadar» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bellenilmegine görä, korporasiýa üç ýerden eplenýän ekrany bolan enjamy hödürlär. Enjam S şekilli korpusa eýe bolar we çeýe ekran dürli şekillerde ulanylyp bilner. Enjam 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň başynda tanyşdyrylar.
Neşiriň awtorlary munuň «Samsung-yň» oktýabr aýynda yglan edilen «Huawei» kompaniýasynyň şuňa meňzeş enjamynyň işlenip düzülmegine beren jogabydygyny bellediler. Bellenilmegine görä, koreý korporasiýasy eplenýän smartfon bazaryndaky öňdebaryjylygyny tassyklamak üçin S görnüşli enjamyny ilkinji bolup tanyşdyrar.
«TechRadar» neşiriniň žurnalistleri «Samsung-yň» eplenýän gurluşlara bagyşlanan köp sanly taslamasynyň bardygyny ýatladylar. Şeýlelikde, «CES 2022» sergisinde kompaniýa S harpy görnüşinde eplenýän «Flex S» telefonynyň konseptini tanyşdyrdy. Şeýle enjamyň berkidiji şarnirlerinde ekranlardaky şekilleriň görkezilmegini sinhronlamaga mümkinçilik berýän datçikler bar.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...