FA we APL «Mançester Ýunaýtediň» paýnamalaryny britaniýaly milliarderiň satyn almagyny makulladylar

  • 16.02.2024 11:56
  • 8.2k+

Angliýanyň Futbol Assosiasiýasy (FA) we Angliýanyň premýer-ligasy (APL) «Ineos» himiýa ägirdiniň eýesi britaniýaly milliarder Jim Retkliffiň «Mançester Ýunaýted» klubynyň 25 göterim paýnamalaryny satyn almagyny makulladylar. Bu barada «Sky Sports» Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň (SEC) maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Ozal Retkliffiň «Trawlers Limited» kompaniýasynyň «B» derejeli paýnamalaryň 25 göterimini satyn alandygy we «A» derejeli paýnamalaryň 25 göterimine çenli satyn almak barada ylalaşandygy habar berildi. Bu geleşigiň bahasy 1,2 milliard funt sterling (1,52 milliard dollar) boldy. Mundan başga-da, telekeçi «Old Trafford» stadionynyň infrastrukturasyna 300 million dollar maýa goýar, şolardan 200 million dollar şertnama baglaşylandan soň tölener we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýene 100 million dollar geçiriler.
Ondan öň «Mançester Ýunaýtediň» paýnamalarynyň ýeke-täk eýeleri kluby 2005-nji ýylda 1,34 milliard dollara satyn alan Awram we Joel Gleýzerlerdi. Şondan bäri «gyzyl şeýtanlar» Angliýanyň premýer-ligasynda bäş gezek ýeňiji boldy, dört gezek Angliýanyň ligasynyň Kubogyna we 6 gezek Angliýanyň Superkubogyna eýe boldy, Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we ýaryşyň finalynda ýene iki gezek oýnady. «Mançester Ýunaýtediň» janköýerleri soňky birnäçe ýyl bäri Gleýzerler maşgalasyna garşy çykyş edýärler.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....