«Ferrari» we «Aston Martin» toparlary täze ýaryş ulaglaryny tanyşdyrdylar

  • 15.02.2024 23:12
  • 3.4k+

«Formula-1» awtoulag ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň başlamagyna ýarym aý galdy we toparlar täze ýaryş ulaglaryny tanyşdyryp başladylar. Bu gezek tanyşdyryş dabarasyny «Ferrari» we «Aston Martin» toparlary geçirdi.

«Ferrari» geň galdyrmady: adaty gyzyl reňk, korpusa käbir üýtgeşmeler girizilipdir, ýöne hünärmenleri esasy gyzyklandyrýan zat daşky görkezijiler däl-de, hereketlendiriji we gurluş (podweska) bilen baglanyşyklydyr, çünki geçen ýyl «Ferrari» toparynyň sürüjileri, köplenç, şolar zerarly kösenýärdiler.
Ýöne muny diňe synag sürüşinde we ilkinji ýaryşlarda görmek bolar, şonuň üçin «SF-24» indeksini alan täze «Ferrari» awtoulagyna baha bermekde hünärmenler howlukmaýarlar.
«Aston Martin» toparynyň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen ýaryş ulagy öňküsinden pes däl.
Toparyň ulaglary geçen ýylky keşbini tutuşlygyna diýen ýaly saklady. Diňe käbir hemaýatkärlik ýazgylary we gaty ownuk aýratynlyklar üýtgedi. «Aston Martin» ulagynyň agramyny azaltmak üçin iň döwrebap usullary örän oýlanyşykly we ýerlikli ulanmagy dowam etdirýär.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....