Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi

  • 14.02.2024 11:18
  • 11k+

2023/2024 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary boldy. 14-nji fewrala geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) “Kopengagen” – “Mançester Siti” we “RB Leýpsig” – “Real” duşuşyklary geçirildi.

Ýaryşyň häzirki eýesi “Mançester Siti” myhmançylykda Daniýanyň “Kopengagen” klubuny utdy. Duşuşyk Kopengagendäki “Parken Stedium” stadionynda geçirildi we 3:1 hasabynda “ManSitiniň” peýdasyna tamamlandy.
10-njy minutda ýarym goragçy Kewin de Brýoýne hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda “Kopengageniň” oýunçylaryna Magnus Mattssonyň goly bilen hasaby deňlemek başartdy. Ýöne arakesmeden öň, iňlis topary ýene bir gol geçirdi – Bernardu Silwa tapawutlandy. Fil Foden duşuşygyň ahyrky minutlarynda gutarnykly hasaby kesgitledi.
Jogap oýny 7-nji martda 1:00-da (Aşgabat wagty bilen) Angliýada geçiriler.

“RB Leýpsig” nemes kluby öz öýünde Madridiň “Realyndan” utuldy, muňa garamazdan, oýun gyzgalaňly geçdi. Eýýäm ikinji minutda nemes klubunyň hüjümçisi Benýamin Şeşko gol geçirdi, ýöne WAR-a seredilenden soň gol ofsaýd sebäpli ýatyryldy.
Oýunda ýeke-täk gol 48-nji minutda madridlileriň oýunçysy Braim Dias tarapyndan girizildi.
Jogap oýny 7-nji martda 1:00-da (Aşgabat wagty bilen) Madridde geçiriler.
15-nji fewrala geçilýän gije 1/8 finalyň ýene iki oýny geçiriler: Fransiýanyň “PSŽ” kluby Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparyny kabul eder, Italiýanyň “Lasio” kluby bolsa Mýunheniň “Bawariýasy” bilen oýnar. Oýunlar Aşgabat wagty bilen 1:00-da başlar.


düýn 13:03
10k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.1k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....