100 ýaşly eýranly daýwer dünýä çempionatynda altyn medal bilen sylaglandy

  • 13.02.2024 23:49
  • 10k+

Dohada geçirilen suw sporty boýunça dünýä çempionatyna adaty bolmadyk türgen gatnaşdy.

Eýranly Tagi Askari tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda beýiklikde howuza bökdi. Bu türgen ýaňy-ýakynda ýüz ýaşyny belläpdi. Elbetde, munuň üçin oňa utuk berilmedi – bu synanyşyk ýaryşdan daşary ýerine ýetirildi. Şeýle-de bolsa, Taginiň sporta ukyplylygy we edermenligi hormat goýulmaga mynasypdyr.
Askari 1951-nji ýylda Delide geçirilen halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Hindistanda geçirilen ilkinji Aziýa oýunlarynda üç metrlik tramplinde bürünç medal, 10 metrlik beýiklikde bolsa kümüş medal gazandy.
Sport weteranynyň bellemegine görä, suwa çümmek onuň ýaşlygyndan bäri iň halaýan güýmenjesi bolupdyr. Bu sport arkaly ol pul gazanyp, maşgalasyna kömek etmäge, şeýle hem dünýäni görmäge mümkinçilik aldy. Tagi Askari Eýranyň çempionatynda ýene bir gezek altyn medal gazanyp, sport karýerasyny 41 ýaşynda tamamlady.
Ol Doha şäherinde geçirilen suw sporty boýunça dünýä çempionatyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Emma ol bu derejä kän bir göwnemedi we aýdylyşy, ýaly könäni ýatlamak kararyna geldi.
Şowhunly el çarpyşmalary astynda Tagi Askari bir metr belentlikden suwa bökdi.
Çykyşyndan soň, suw sporty boýunça dünýä çempionatynyň iň garry gatnaşyjysy ýaryşyň hakyky altyn medaly bilen sylaglandy.


05.11.2025 06:49
7.3k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy...

22.10.2025 12:56
4.9k+

«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi...

09.09.2025 23:42
14k+

Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy...

29.07.2024 14:57
4k+

Serdar Azmun resmi taýdan Dubaýyň "Şabab Al-Ahli" toparynyň oýunçysy boldy

Serdar Azmun Birleşen Arap Emirlikleriniň "Şabab Al-Ahli" klubuna geçdi. Bu barada klubuň özünde habar berdiler. Şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmeýär. Lewerkuzeniň "Baýer" kluby 29 ýaşly hüjümçi üçin...