«Santýago Bernabeu» stadionynda Amerikanyň esasy futbol ligasynyň oýunlary geçiriler

  • 13.02.2024 23:47
  • 3.9k+

Milli futbol ligasy (NFL, amerikan futboly) dowamly çempionatynyň oýunlaryny ilkinji gezek 2025-nji ýylda Ispaniýadaky «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirer. Bu barada «Real» futbol klubunyň saýtynda habar berilýär.

Bu karar barada Superbowldan iki gün öň, Las-Wegasda geçirilen dabarada yglan edildi.

«2025-nji ýylda oýunlaryň Madride geçirilmegi NFL-iň global täsiriniň barha artmagyny we oýnumyzy dünýäniň has köp janköýerine ýetirmegi maksat edinýändigini görkezýär. Dowamly çempionatyň gyzykly oýunlaryny Ispaniýadaky dünýä derejeli «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirmek üçin dünýä derejeli brend bolan «Real», şeýle hem Madrid şäheri we şäheriň jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys» diýip, NFL-iň komissary Rojer Gudell belledi.

«Santýago Bernabeu» 1947-nji ýylda guruldy. Stadionda 1964-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň we 1982-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly geçirildi. 2019-njy ýyldan bäri stadionda durkuny täzeleýiş işleri geçirilýär.


düýn 13:03
10k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.1k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....