«Arsenal» Angliýanyň Premýer-ligasynda myhmançylykdaky iň uly ýeňşini gazandy

  • 12.02.2024 15:20
  • 13k+

«Arsenal» futbol kluby Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 24-nji tapgyrynyň çäklerindäki London derbisinde «West Hemi» ýeňdi.

Duşuşyk «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Wilýam Saliba (32-nji minut), Bukaýo Saka (41-nji minut, penalti, 63-nji minut), Gabriel Magalýans (44-nji minut), Leandro Trossard (45+2) we Deklan Raýs (65-nji minut) derwezä girizdiler.
«West Hem» Angliýanyň çempionatynda öz meýdançasyndaky iň agyr ýeňlişe sezewar boldy, «Arsenal» bolsa bu ýaryşdaky taryhynyň dowamynda myhmançylykdaky iň uly ýeňşini gazandy.
«Arsenal» 24 oýunda 52 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda üçünji orunda barýar. «West Hem» bolsa 36 utuk bilen sekizinji orunda barýar.
Indiki tapgyrda «Arsenal» myhmançylykda «Bernli» bilen, «West Hem» bolsa myhmançylykda «Nottingem Forest» bilen duşuşar. Iki oýun hem 17-nji fewralda geçiriler.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....