Lenovo dury gapakly we ekranly noutbugy görkezdi

  • 12.02.2024 21:53
  • 6.5k+

Lenovo muşdaklaryny we bäsdeşlerini geň galdyrmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa Barselonadaky MWC 2024 sergisinde görkeziljek dury ekranly we gapakly noutbugyň üstünde işleýär. Windows Report-yň habar berşi ýaly, bu dünýäde şeýle dizaýnly ilkinji noutbuk bolar.

Noutbuk biznes ulanyjylara gönükdirilen ThinkBook hataryna degişli bolar. Onuň ekranynyň diagonaly 15 ýa-da 16 dýuým bolup, klawiaturada sanly blok bar. Noutbukda Windows 11 operasion sistemasynyň gurnalmagy mümkin, kompaniýa prosessor hökmünde bolsa Intel-iň soňky platformalarynyň birini ulanar.
Noutbugyň iň esasy aýratynlygy durulygydyr. Noutbugyň ekrany we gapagy şöhlelendirmäge mümkinçilik berýän ýörite materialdan taýýarlanar. Ýygnalan ýagdaýda gapakdan klawiatura görnüp durar, açylan ýagdaýynda ekranda wirtual obýektler şöhlelener.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu üsti ýetirilen hakykat effektini döreder we noutbuk bilen özara täsiri gowulaşdyrar.
Noutbugyň esasy komponentleri gapagyň dury bolmadyk aşaky böleginde ýerleşer. Şeýle-de, ekran we klawiatura çarçuwalary dury bolmaz. Ýöne klawiaturanyň fiziki ýa-da sensor boljakdygy heniz düşnüksiz. Ähtimal, Lenovo iki görnüşi hem hödürlär. Öndüriji dury noutbugyň çykjak senesini we bahasyny mälim etmeýär, ýöne onuň gymmat boljakdygyna garaşyp bolar.
Öň, biz Realme-niň içi görünýän korpusly smartfony hödürländigini habar beripdik.

düýn 20:49
1.1k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.4k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.8k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......