«Realme» içi görünýän korpusly smartfon çykarar

  • 11.02.2024 12:57
  • 10k+

«Realme» kompaniýasy Ýewropada çäkli mukdarda «12 Pro+» smartfonynyň içi görünýän korpusly nusgasyny çykarar. Bu barada gazeta.ru «GSMArena» neşirine salgylanyp habar berýär.

Şeýle smartfonyň suraty «Realme Europe» kompaniýasynyň baş direktory Frensis Wong tarapyndan paýlaşyldy. Surata seretseň, smartfonyň diňe gapagy däl, eýsem, kamera bölümi hem içi görünýän dury görnüşde bolar. Olaryň üsti bilen akkumulýatory, kameranyň aýratyn modullaryny görmek bolýar. Brendiň nyşany gapagyň aşagynda ýerleşdiriler.
«Realme 12 Pro+» «Realme 12 Pro» bilen bilelikde 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda satuwa çykaryldy. Iki enjam hem 120 Hz çenli täzeleniş tizligi bolan egreldilen 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran we 67 Wt tiz zarýad beriji goldawy bolan 5000 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi.
«12 Pro+» modeli «Snapdragon 7s Gen 2» çipine, 12 GB operatiw ýada we 256 GB goşmaça ýada, şeýle hem has kuwwatly kamera ulgamyna eýedir. Ol 50 MP esasy obýektiwi, 3 esse optiki zum mümkinçiligi bolan 64 MP periskop teleobýektiwini, şeýle hem 8 MP ultra giň burçly kamerany öz içine alýar.
Resmi taýdan «Realme 12 Pro+» häzirlikçe diňe Hindistanda tanyşdyryldy. Bu ýurtda smartfon 30 müň rupiýa bahadan satylýar, bu bolsa ABŞ-nyň 360 dollaryna golaýdyr.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......