Ýer nädip gar şaryna öwrüldi: alymlar gadymy buz eýýamynyň syryny açdylar

  • 11.02.2024 18:37
  • 20k+

Awstraliýaly alymlar 700 million ýyl ozal planetanyň aşa sowamagyna nämäniň sebäp bolandygyny anykladylar. Bu barada Sidneý uniwersitetiniň web sahypasynda aýdylýar.

Doktor Adriana Dutkiewiçiň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary Ýeriň gar şaryna öwrülen döwründäki global Stýort buzlugynyň sebäplerini öwrendi. Geologlar tektonikanyň plita modelirlemesini ulandylar. Geologiýa žurnalynda çap edilen bu gözleg Ýeriň içindäki termostatyň planetanyň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin nähili işleýändigine düşünmäge kömek edýär.
Hünärmenler Buz eýýamynyň bolmagyna wulkanlaryndan kömürturşy gazynyň az mukdarda zyňylmagy, şeýle hem gadymy wulkan gaýalarynyň owranyp gitmegi  sebäp bolupdyr diýen netijä geldiler. Bu prosesler howanyň kömürturşy gazyny siňdirmek bilen temperaturany peseldýär.
Stýort doňaklygynyň, takmynan, 717-den başlap 660 million ýyl ozal (takmynan, 57 million ýyl dowam edipdir) gury ýerde dinozawrlaryň we çylşyrymly ösümlikleriň döremeginden has öň ýüze çykypdyr. Ol Ýer togalagynda ýaşaýşyň ösüşine uly täsir etdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....