Kataryň milli ýygyndysy yzygider ikinji gezek Aziýanyň Kubogynda ýeňiji boldy

  • 11.02.2024 12:34
  • 6.7k+

Aziýanyň Kubogynyň Iordaniýanyň we Kataryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final oýny tamamlandy. Toparlar Kataryň Lusail şäherindäki “Lusail Aýkonik” stadionynda duşuşdylar. Oýun Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlandy. Ýaryşyň eýeleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. 

22-nji minutda Kataryň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Akram Afif penaltiden gol girizip, toparyny öňe çykardy. Iordaniýa 67-nji minutda hüjümçi Ýazan Al-Naýmatyň gol geçirmegi netijesinde hasaby deňledi. Ýöne bäş minutdan soň katarlylar ýene-de 11 metrlik urgyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar we netijede Afif gol girizdi. 90+4-nji minutda Akram ýene penaltiden gol geçirip, het-trik etdi.
Ýatlap geçsek, Kataryň milli ýygyndysy bu kuboga Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen 2019-njy ýylyň ýaryşynda eýe boldy. Aziýanyň Kubogynda iň köp ýeňiş Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň hasabyndadyr. Bu ýurduň futbolçylary dört gezek kubogyň eýesi boldular.


şu gün 13:40
1.4k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......