“Inter Maýami” Messi we Suares bilen Tokioda “Wissel Kobeden” utuldy

  • 09.02.2024 07:00
  • 11k+

Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” topary bilen amerikan “Inter Maýami” toparynyň arasyndaky ýoldaşlyk oýny esasy wagtda 0:0 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda “Wissel Kobe” 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýun Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçirildi.

“Inter Maýaminiň” hüjümçisi Luis Suares başlangyç düzümde meýdança çykdy we 75-nji minutda çalşyldy. Argentinaly hüjümçi Lionel Messi bolsa 60-njy minutda oýna goşuldy.
Ýatlap geçsek, 4-nji fewralda “Inter Maýami” Gonkong çempionatynyň ýyldyzlar topary bilen duşuşdy (4:1), Lionel Messi şikes zerarly bu oýna gatnaşyp bilmedi. Oýnuň soňky minutlarynda janköýerler oýunçynyň meýdança çykmaýandygyna nägilelik bildirip başladylar.


düýn 16:49
6.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.8k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....