Liwanly Nawaf Salam BMG-niň Halkara Kazyýetiniň täze başlygy saýlandy

  • 08.02.2024 21:36
  • 2.7k+

Liwanly kazy Nawaf Salam BMG-niň Halkara Kazyýetiniň täze başlygy wezipesine üç ýyl möhlet bilen saýlandy. Bu barada kazyýetiň metbugat gullugy habar berýär. Ol bu wezipede amerikaly Joan Donohýuny çalyşdy. Halkara Kazyýetiniň wise-prezidenti wezipesine Ugandadan kazy Juliýa Sebutinde saýlandy.

Halkara Kazyýetinde işe başlamazdan öň jenap Salam 2007-nji ýylyň iýul aýyndan 2017-nji ýylyň dekabr aýyna çenli Liwanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy. 2012-nji ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary we 2013-nji ýylyň iýul aýynda Baş Assambleýanyň başlygynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji boldy.
Hanym Sebutinde 2012-nji ýyldan bäri Halkara Kazyýetinde işleýär. 2005-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda Sýerra-Leone boýunça Ýörite kazyýetde kazy boldy. Bu kazyýet edarasy Sýerra-Leoneniň hökümeti we BMG tarapyndan 1996-njy ýylyň raýat urşunyň harby jenaýatçylaryny jogapkärçilige çekmek üçin döredildi.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......