Usik – Fýuri söweşiniň ýeňijisi aýratyn çempionlyk guşagyny alar

  • 08.02.2024 08:21
  • 8k+

Agyr agram derejesinde çykyş edýän iki boksçy Aleksandr Usik we Taýson Fýuri maý aýynda Saud Arabystanynda absolýut dünýä çempiony diýen at üçin duşuşarlar. Ýeňiji aýratyn guşaga eýe bolar.

Usik agyr agram derejesi boýunça Ýer ýüzündäki iň gowy bäş baýragyň dördüsine eýe. Ukrainanyň baýdagy astynda çykyş edýän boksçy britan Entoni Joşuany iki gezek ýeňeninden soň WBA-nyň, IBF-nyň, WBO-nyň we IBO-nyň çempionlyk guşaklaryna eýe boldy.
Angliýaly Fýuri bir çempionlyga – Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) baýragyna eýe, ýöne ol edil Usik ýaly, hiç wagt ýeňilmedi. Ol ozal beýleki guramalaryň çempionlyk derejelerine eýedi, ýöne dürli sport bilen bagly bolmadyk sebäplere görä olary ýitirdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Usik bilen Fýuriniň söweşi 17-nji fewralda Saud Arabystanynda bolmalydy, ýöne söweş britaniýaly boksçynyň türgenleşik wagtynda gaşyny çapdyryp, agyr şikes almagy sebäpli yza süýşürildi.
Indi gurnaýjylaryň söweşi yza süýşürmek niýeti ýok we onuň iň ahyrky möhleti 18-nji maý diýlip bellenildi. Bu söweşde ýeňiji çempionlyk atlarynyň ähli ýygyndysyna eýe bolar, şeýlelikde, bu söweş üçin «Agyr agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony» diýen ýörite guşak hem döredildi.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......