«Formula – 1-iň» üç topary täze ýaryş ulaglaryny tanyşdyrdylar

  • 08.02.2024 08:16
  • 3.5k+

«Formula – 1» awtoulag ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy we toparlar täze ulaglaryny tanyşdyrýarlar. Olaryň ilkinjileri «Haas», «Williams» we «Sauber» toparlary boldy.

Ýaryş ulaglaryny tanyşdyrmagyň tertibi boýunça ilkinji bolup «Haas» amerikan topary tapawutlandy – ol hemişekisi ýaly, ulagyny internetde sanly render görnüşde görkezdi.
Toparyň hemaýatkärleri we hyzmatdaşlary üýtgemedi, şonuň üçin ýaryş ulagynyň reňklerinde düýpli üýtgeşmeler ýok: reňkler henizem ak we gara. «Haas» toparynyň hakyky ýaryş ulagy 11-nji fewralda Britaniýanyň Silwerstuon şäherinde barlagdan geçende görkeziler.
Öňki möwsüm «Alfa Romeo» bolan we ýakyn wagtda «Audi» boljak öňki «Sauber» topary täze ulagyny 9-njy fewralda Barselonada barlamagy we derrew möwsümden öňki synaglar üçin Bahreýne ibermegi meýilleşdirýär, ulag şol ýerde hemmeler bilen bilelikde 2024-nji möwsüme girişer.
Beýik Britaniýanyň «Williams» topary Nýu-Ýorkda – esasy hemaýatkärleriniň biri bolan «Puma» kompaniýasynyň flagman dükanynda täze ulagyň keşbini görkezdi. Umuman, düýpgöter dizaýn üýtgeşmeleri ýok, hyzmatdaşlaryň sany artmady, diňe täze hemaýatkär – maşyngurluşyk ägirdi «Komatsu» goşuldy.
Şol bir wagtyň özünde, Manhettendäki dükanda toparyň wekilleri sergi maksatly ýaryş ulagyny görkezdiler,  emma «Williams» toparynyň «FW46» diýlip atlandyrylan täze ulagyň gutarnykly nusgasy diňe Bahreýnde möwsümden öňki synaglarda görkeziler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....