Iordaniýa Günorta Koreýany utup, Aziýanyň Kubogynyň finalyna çykdy

  • 07.02.2024 08:48
  • 8.2k+

Iordaniýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Günorta Koreýanyň toparyny utdy. Duşuşyk 0:2 hasabynda tamamlandy.

Gol bilen Ýazan Al-Naýmat (53-nji minut) we Mussa Al-Tamari (66) tapawutlandy.

Iordaniýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň finalynda oýnar. Öň, topar bu ýaryşda dörtden bir finaldan uzak geçmändi.

7-nji fewralda geçiriljek beýleki bir ýarym final oýnunda ýaryşyň eýesi Kataryň topary Eýrana garşy oýnar. Günorta Koreýa FIFA-nyň reýtinginde 23-nji orny, Iordaniýa 87-nji orny eýeleýär. Häzirki ýaryşda Iordaniýa toparçada üçünji orundan pleý-offa çykdy, 1/8 finalda BAE-ni, dörtden bir finalda Täjigistany utdy.

Aziýanyň Kubogy 10-njy fewralda tamamlanar. 2019-njy ýylda ýaryşda Katar ýeňiji boldy.


düýn 19:36
3k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

01.04.2026 23:41
3.1k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......

01.04.2026 11:15
10k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
12k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......