Belgiýaly futbolçy Fellaýni karýerasyny tamamlady

  • 05.02.2024 18:36
  • 6.1k+

Belgiýanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» klubunyň öňki futbolçysy Maruan Fellaýni sport karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

Ýarymgoragçynyň soňky kluby Hytaýyň «Şandun Taýşan» topary boldy. Ol toparyň düzüminde 2019-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi.

«Bu ajaýyp syýahat boldy! Iň gowy görýän sportum bilen iň ýokary derejede meşgullanandygyma örän begenýärin. Belgiýada «Standard», Angliýada «Ewerton» we «Mançester Ýunaýted», şeýle hem Hytaýda «Şandun Taýşan» toparlaryna wekilçilik edendigime buýsanýaryn. 2008-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda, Ýewro-2016-da, 2014-nji we 2018-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnamak meniň üçin uly hormat boldy» diýip, Fellaýni «Instagramda» ýazdy.

«Standardyň» düzüminde Fellaýni Belgiýanyň çempiony boldy we ýurduň Superkubogyna eýe boldy. «Mançester Ýunaýted» bilen bilelikde Angliýanyň Kubogyny, Liganyň kubogyny, ýurduň Superkubogyny aldy we Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Belgiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy hökmünde Fellaýni 87 oýna gatnaşyp, 18 pökgi geçirdi. Ol 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......