Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň strategik hereket meýilnamasy tassyklandy

  • 04.02.2024 23:40
  • 5.2k+

Türkmenistanyň Adalatçysy «Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin strategik meýilnamasyny» tassyklady. Resminama milli kanunçylyga, adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça kabul edilip, üstünlikli amala aşyrylýan meýilnamalara, halkara bilermenleriň tekliplerine we Adalatçynyň edarasynyň toplan tejribesine esaslanýar.

Meýilnama bu edaranyň mümkinçiliklerini has-da berkitmek, welaýatlarda sebit bölümlerini döretmek we maksatnamalary hem çäreleri artdyrmak üçin zerur işgärleriň sanyny we býujet çeşmelerini köpeltmegi maksat edinýär. Şeýle hem bu iş milli hukuk goraýjy guramalaryň Bütindünýä Bileleşiginden hukuk almaga dalaş edýän bu edaranyň tehniki mümkinçiligini, täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim bolar diýlip garaşylýar.
Täze resminama gorlaryň anyk bölünmegini we strategik netijelere ýetmek üçin durmuşa geçiriljek anyk işleri öz içine alýan ýyllyk çäreler arkaly amala aşyrylar. Onda, şeýle hem gözegçilik we baha beriş mehanizmi göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, meýilnamada görkezilen strategik taýdan ileri tutulýan ugurlara ýetmek üçin garaşylýan uzak möhletli netijelere getirmeli hereketler kesgitlenipdir.
Meýilnama dört sany ýokary derejeli ileri tutulýan ugry öz içine alýar. Olaryň üçüsi daşary işlere, biri bolsa Adalatçynyň edarasynyň içerki işine gönükdirilendir.
Strategik meýilnamanyň doly teksti Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň resmi saýtynda türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......