"Al-Nasr" ýoldaşlyk oýnunda "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

  • 02.02.2024 12:08
  • 20k+

Er-Riýadyň (Saud Arabystany) "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen ýoldaşlyk oýnunda "Al-Nasr" "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda utdy.

Futbol janköýerleri Ronaldu bilen Messiniň arasyndaky köpden bäri garaşylýan gapma-garşylygy görüp bilmediler. Portugaliýaly hüjümçi myşsa şikesi sebäpli "Al-Nasryň" oýunçylar sanawyna-da girmedi. Klub 38 ýaşly futbolçynyň saglygy bilen töwekgelçilik etmezlik kararyna geldi.
Messi duşuşygyň köp bölegini ätiýaçdaky oýunçylaryň oturgyjynda oturyp geçirdi we meýdança diňe oýnuň 83-nji minutynda, eýýäm ähli gollar geçirilenden soň çykdy. Oýundan öň argentinalynyň myşsa agyrysyny başdan geçirýändigi belli boldy.
"Al-Nasr" MLS klubunyň derwezesine üç goly 12-nji minuta çenli geçirdi. Üçünji goly goragçy Emerik Laport meýdançanyň ortasyndan girizdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda Saud Arabystanyndan klub ýene üç gol geçirdi. Ýarym goragçy Taliska 10-njy, 51-nji (penaltiden) we 73-nji minutlarda gol girizip, het-trik etdi.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....