Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow ikinji möhlete saýlanmaga dalaş eder

  • 31.01.2024 15:39
  • 6.9k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ikinji möhlete saýlanmaga dalaş eder. Bu barada "Bişkek agşamy" neşiri Respublikanyň başlygynyň metbugat sekretary Askat Alagozowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Ol: "Ýurdumyz üçin strategiki ähmiýetli uzak möhletli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini we meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Sadyr Žaparowyň ikinji möhlete geçiriljek saýlawlara gatnaşmagy syýasatda yzygiderli ädim bolar" – diýdi.

Žaparow 2021-nji ýylda prezident boldy.
Gyrgyzystanyň kanunçylygyna girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, ýurduň indiki prezidenti alty ýyl däl-de, bäş ýyllyk möhlete saýlanar. Mundan başga-da, şol bir adam indi iki gezek prezidentiň wezipesini eýeläp biler.
Gyrgyzystanda 2027-nji ýylda prezident saýlawlarynyň geçirilmegine garaşylýandygyny bellemelidiris.


05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...