Rakitiç «Al-Şababa» geçmezden ozal lukmançylyk barlagyndan geçdi

  • 31.01.2024 15:26
  • 4.5k+

Ispaniýanyň «Sewilýa» klubunyň horwat futbolçysy Iwan Rakitiç Saud Arabystanynyň «Al-Şabab» toparyna geçmezden ozal lukmançylyk barlagyndan geçdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bellenilmegine görä, 35 ýaşly ýarymgoragçy Saud Arabystanynyň kluby bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşar.
Rakitiç Şweýsariýanyň «Bazel» toparynyň uçurymydyr, ol karýerasynyň dowamynda Germaniýanyň «Şalke», Ispaniýanyň «Sewilýa» we «Barselona» toparlarynda çykyş etdi. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 106 oýna gatnaşdy we 15 pökgi geçirdi. Milli ýygyndy toparyň düzüminde 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda kümüş medala eýe boldy.
Bu möwsüm ol «Sewilýanyň» düzüminde 27 oýna gatnaşdy, iki pökgi geçirip, dört ýardam pasyny berdi.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....