WSJ: ABŞ ösen çipleri öndürmek üçin 52 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berer

  • 31.01.2024 14:43
  • 3.4k+

ABŞ-nyň häkimiýetleri ýurtda zawod gurmak üçin ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýär. Bu barada abraýly Wall Street Journal-a salgylanýan “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň  Intel we Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar.
Intel-iň 43,5 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň, TSMC-iň bolsa 40 milliard dollarlyk iki zawod gurmak taslamasynyň bardygy bellendi.
Şol bir wagtyň özünde, Micron Technology, Texas Instruments we GlobalFoundries ýaly beýleki ýokary tehnologiýaly kompaniýalar hem subsidiýa almaga dalaş edýärler.
Subsidiýa gaznalaryny kadalaşdyrýan Mikroshemalar hakyndaky kanun her taslamanyň umumy bahasynyň 15 göterimini (her kärhana üçin 3 milliard dollara çenli), şeýle hem zaýomlary, karz kepilliklerini we salgyt ýeňilliklerini öz içine alýan 39 milliard dollarlyk önümçilik grantyny öz içine alýar.
Şol bir wagtyň özünde, Günorta Koreýanyň Samsung Electronics we SK Hynix kompaniýalary çip öndürýän dünýädäki iň uly klasteri döretmek üçin 471 milliard dollar maýa goýýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......