Jennifer Lopeziň kom­paniýasy Mattel komp­aniýasynyň täze mult­filmine prodýuserlik eder

  • 30.01.2024 09:34
  • 13k+

Jennifer Lopeziň Nuyorican Productions kompaniýasy Bob the Builder (“Gurluşykçy Bob”) çagalar multserialynyň esasynda dörediljek animasion doly metražly multfilme prodýuserlik eder. Baş gahrymana aktýor, ses režissýory we “Gremmi” baýragynyň eýesi Entoni Ramos ses berer diýip, Mattel habar berýär. Muny life.liga.net ýetirýär.

Asyl nusgadaky multserial 25 ýyl mundan ozal ilkinji gezek görkezildi. Ol 1999-njy ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda ýaýlyma berildi we 12 möwsüme eýedir. Sýužetiň merkezinde gurluşyk potratçysy Bobuň we onuň dostlarynyň başdan geçirmeleri durýar.

Doly metražly multfilmde Bob Puerto-Rikodaky uly gurluşyga gidýär. Ol ýerde ada zyýan ýetirýän meseleler bilen göreşýär. Mattel baş gahrymanyň syýahatyny Karib basseýniniň latynamerikan ýurtlarynyň we olaryň halklarynyň dürli hili aýratynlyklaryny açyp görkezmegiň usuly hökmünde häsiýetlendirýär.

“Gurluşykçy Bob” Mattel-iň häzirki wagtda işjeň işlenýän kino taslamalarynyň biridir. Onuň goldaw bermeginde çykan ilkinji lenta “Barbi” filmi boldy. 2023-nji ýylda ol girdeji ýygymy boýunça rekord goýdy we ýakyn wagtda sekiz kategoriýada “Oskar” baýragy üçin bäsleşer.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......