Samsung Galaxy S24 Ultra synagdan geçirildi: smartfon suwdan we doňaklykdan gorkmaýar

  • 29.01.2024 21:54
  • 26k+

Galaxy S24 Ultra synçylaryň we blogerleriň eline düşeninden soň, dürli synaglary başdan geçirdi: betona gaçyryldy, aýnasy çyzyldy we ş.m. Bellemeli ýeri, bu synaglaryň ählisinde-de smartfon ýokary çydamlylygy görkezdi. Bu gezek bolsa Galaxy S24 Ultra suw bilen doňaklyk synagyndan geçmeli boldy diýip, ixbt.com belleýär.

Wideonyň awtorynyň aýdyşy ýaly, smartfon salnan gap suw bilen doldurylandan soň 5-6 sagatlap doňduryjyda goýuldy. Bu synagda smartfona Pixel 8 Pro we iPhone 15 Pro Max hem ýoldaş boldy.
Synagyň netijesinde Galaxy S24 Ultra-nyň suwdan we doňaklykdan gorkmaýandygy belli boldy. Buz eräninden soň, ähli flagmanlar öz işe ukyplylygyny dikeltdiler. Galaxy S24 Ultra-nyň bolsa dinamikasynyň we kameralarynyň işleýşi aýratyn barlandy, netijede hiç bir zada zeper ýetmändigi anyklanyldy.


22.03.2026 04:00
2.7k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...