Klopp möwsümiň ahyrynda «Liwerpuldan» gitjekdigini habar berdi

  • 28.01.2024 00:01
  • 8.1k+

Ýurgen Klopp şu möwsümiň ahyrynda Angliýanyň «Liwerpul» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýrylar. Bu barada futbol klubunyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

56 ýaşly germaniýaly hünärmen bilen birlikde, onuň kömekçileri we ösüş boýunça tälimçi hem klubdan gider.

«Men bu klubdaky, şäherdäki ähli zady gowy görýärin, janköýerlerimiz bilen bagly ähli zady gowy görýärin, bu topary gowy görýärin, işgärleri gowy görýärin. Hemme zady gowy görýärin. Ýöne bu karary kabul etmegim meniň hökman şu karara gelmelidigimi aňladýar. Dogrusy, meniň güýjüm tükenip barýar. Häzirki wagtda hiç hili meseläm ýok. Elbetde, haçan-da bolsa muny yglan etmeli boljakdygymy köpden bäri bilýärdim, ýöne häzir ýagdaýym gowy. Bu işi gaýta-gaýta, soňra ýene täzeden edip bilmejekdigimi bilýärin» diýip Klopp belledi.

Tälimçi bu karary barada noýabr aýynda kluba habar berendigini aýtdy.

«Biz «Liwerpul», biz kynçylyklary bilelikde ýeňip geçdik. Siz men gelmänkäm hem kynçylyklary ýeňip geçipdiňiz. Geliň, şu möwsümden mümkin boldugyça gowy netijeleri alalyň we geljekde yzymyza seredenimizde ýylgyrmak üçin sebäbimiz bolar» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Klopp 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri «Liwerpula» ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda «Liwerpul» Çempionlar ligasynda, Angliýanyň çempionatynda, klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, Angliýanyň kubogyna, Angliýanyň ligasynyň kubogyna we UEFA Super kubogyna mynasyp boldy.


şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.2k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......